Türkmenistanda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görülýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görülýär
Welotrek boýunça dünýä çempionaty 2021-nji ýylyň 13-17-nji oktýabrynda geçiriler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarowy sişenbe güni kabul etdi. Duşuşygyň barşynda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň taýýarlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, UCI-niň Ýolbaşçy komitetiniň agzasy I.Makarow ýokary depginde alnyp barylýan işler hem-de Döwlet Baştutanymyzyň bu möhüm sport çäresini guramaçylykly geçirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Welotrek boýunça dünýä çempionaty 2021-nji ýylyň 13-17-nji oktýabrynda geçiriler we oňa dünýäniň 186 ýurdunyň wekilleri gatnaşar. Bu abraýly ýaryşy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine, Welosiped sporty federasiýasy hem-de UCI bilen bilelikde guramak tabşyryldy.

Milli Liderimiz Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmeginiň Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyzyň dünýäniň olimpiýa hereketini ösdürmäge hem-de sporty wagyz etmäge mynasyp goşant goşjakdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz dünýä derejesindäki iri ýaryşyň Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň hem-de Aziýanyň merjeni hasaplanýan ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda geçirilýändiginiň çuňňur manysynyň bardygyny belledi.

I.Makarow Döwlet Baştutanymyzy Halkara welosipedçiler birleşiginiň bu ýaryşlary ýokary derejede guramak we geçirmek boýunça uly işleri amala aşyrjakdygyna ynandyrdy. Şeýle hem, ol koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda, dünýäde emele gelen çylşyrymly şertlerde Türkmenistana gelýän ähli türgenlere degişli sanjymlaryň edilmegi babatda ýardam beriljekdigini belledi.

I.Makarow Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli tabşyryklarynyň gysga wagtda ýerine ýetiriljekdigine ynandyryp, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, abadançylyk, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

2022