Türk kompaniýalary Hazar uglewodorodlary boýunça hyzmatdaşlyga taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türk kompaniýalary Hazar uglewodorodlary boýunça hyzmatdaşlyga taýýar
Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy mart aýynyň 6-9-y aralygynda Türkmenistana we Özbegistana sapar amala aşyrdy. (Surat: Türkiýäniň DIM-i)

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu çarşenbe güni “TRT Habar” döwlet teleýaýlymyna beren beýanatynda türk kompaniýalarynyň Hazar deňzindäki nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmekde hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.

Çawuşoglu Türkmenistana we Özbegistana amala aşyran saparlarynyň netijeleri boýunça geçirilen beýanatynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagyny bilelikde özleşdirmek baradaky ylalaşyga ýokary baha berdi.

Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy bu ugurda türk kompaniýalarynyň hyzmatdaşlyk etmek isleginiň bardygy barada taraplara habar berendigini aýtdy.

Çawuşoglu “bu ýerdäki iň möhüm meseleleriň biri, bar bolan geçirijiler arkaly Türkiýä nebit we gaz ibermek” diýip, hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy mart aýynyň 6-9-y aralygynda Türkmenistana we Özbegistana sapar etdi. Daşary işler ministr iki ýurda amala aşyrylan saparynyň netijeli bolandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen geçiren duşuşygynyň barşynda şu ýyl Aşgabatda ýokary derejeli Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe sammitini geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.