Türkiýäniň DIM-i: “Türk howaýollaryna” Türkmenabada uçmaga rugsat berler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýäniň DIM-i: “Türk howaýollaryna” Türkmenabada uçmaga rugsat berler
Türkiýäniň DIM-i “Türk howaýollary” kompaniýasyna Türkmenabat şäherine howa gatnawlaryny amala aşyrmaga rugsat beriljekdigini aýtdy. (Surat: “Airliners.net”)

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu çarşenbe güni “TRT Habar” döwlet teleýaýlymyna beren beýanatynda Türkmenistanyň “Türk howaýollary” kompaniýasyna ýurduň çägine howa gatnawlaryny amala aşyrmaga rugsat berjekdigini aýtdy.

Beýanatynda Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy mart aýynyň 6-9-y aralygynda Türkmenistana we Özbegistana saparlary amala aşyrandygy barada aýdyp, olaryň netijeli bolandygyny belledi.

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu “Türk howaýollary” kompaniýasyna Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherine howa gatnawlaryny amala aşyrmaga rugsat beriljekdigini aýtdy.

Çawuşoglu Türkiýäniň ýük awtoulag sürüjilerine COVID-19 ýokanjy boýunça barlagdan geçmek şerti bilen Türkmenistanyň çägine girmäge hem rugsat beriljekdigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen geçiren duşuşygynyň barşynda Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ugry boýunça Ýewropa çykalgasy bolan “Lapis Lazuli” ulag-üstaşyr geçelgesiniň mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň Ýewropa çykalgany üpjün etjekdigine we sebitiň ýurtlaryna ägirt uly peýda getirjekdigine ynam bildirdi.

2022