Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri boýunça penşenbe güni iş maslahatyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýokary we durnukly ykdysady ösüş ýeterlik derejede üpjün edilýändigini aýdyp, bu ösüş şu ýylyň iki aýynyň jemleri boýunça 5,9%-e barabar bolandygyny nygtady.
Milli Liderimiz nebitgaz toplumyny ösdürmekde soňky ýyllarda 8 milliard 800 million ABŞ dollaryndan gowrak möçberde daşary ýurt karz serişdeleriniň çekilendigini aýdyp, şol serişdeleriň häzire çenli 93%-niň özleşdirilendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz karz serişdelerini öz wagtynda gaýtarmagyň, aýratyn-da, çekilen serişdeleriň hasabyna gurlan senagat kärhanalaryny taslama kuwwatyna çykarmagyň wajypdygyny aýtdy.
Habarda bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda gurluşyk-senagat toplumyna 2 milliard 682 million ABŞ dollaryna golaý möçberde daşary ýurt karz serişdeleri çekildi we olaryň häzire çenli 69,4%-i özleşdirildi.
Şeýle-de maslahatyň barşynda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyna 1 milliard 5 million ABŞ dollaryndan gowrak möçberde daşary ýurt karz serişdeleriniň çekilendigi we häzire çenli şol serişdeleriň 67,8%-niň özleşdirilendigi bellenildi.
Mundan başga-da, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy boýunça 822 million 200 müň ABŞ dollary möçberde daşary ýurt karz serişdeleriniň çekilendigi we özleşdirilendigi bellenildi. Şeýle hem, häzirki döwürde karzlar boýunça galyndy 607 million 700 müň ABŞ dollaryna barabardyr. Şondan 145 million ABŞ dollary şu ýylyň mart-dekabr aýlarynda gaýtarylmaga degişlidir.
Şeýle hem, Hormatly Prezidentimiz daşary ýurt kazlary çekilende, mümkin bolan derejede pes göterim möçberlerini we ýurdumyz üçin bähbitli şertleri gazanmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz ähli ýolbaşçylardan daşary ýurt pulunda gelip gowuşýan serişdeleriň möçberini artdyrmak ugrunda tutanýerli işlemegi, beýleki döwletlere iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmagyň ýollaryny gözlemegi talap edip, olardan bu mesele boýunça anyk tekliplere garaşýandygyny we bu ugurda islendik tekliplere seretmäge taýýardygyny belledi.