Türkmenistanyň demirgazygynda şu ýyl ýazky ýeralmany ekmek üçin welaýatyň daýhanlaryna ýer bölünip berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, welaýatyň ýeralma üçin niýetlenen ekin meýdany 1 müň 900 gektara barabardyr. Meýdanyň esasy bölegi Gurbansoltan-eje adyndaky etrapda ýerleşip, ol ýerde “N.Andalyp”, “Şawat” daýhan birleşikleri we ýeralma öndürmekde ýöriteleşen beýleki hususy gurluşlar bu ugurda degişli işleri alyp barýarlar.
Şeýle hem, ýeralmanyň ýene bir iri öndürijisi bolan S.A.Nyýazow adyndaky etraba ýazky ýeralmany ekmek üçin 450 gektar ýer bölünip berildi.
Daşoguz welaýatynda esasan, ýeralmanyň Golland görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Olara ideg etmek aňsat bolup durýar. Olar ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanyp, ýerli toprak we howa şertlerine gowy uýgunlaşýarlar.
Güýzki ýeralma ekişi üçin welaýata 800 gektar meýdan bölünip berler. Ýerli oba hojalyk öndürijileri her gektardan ortaça 140 sentner hasyl almagy meýilleşdirýärler.