Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 30-njy martdan 2-nji aprel aralygynda Russiýa iş saparyny amala aşyrar. Bu barada Russiýanyň DIM-niň metbugat wekili Mariýa Zaharowa anna güni geçiren brifinginde aýtdy.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen gepleşik geçirer we GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri biologiki howpsuzlyk meseleleri boýunça hökümetara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekerler.
Zaharowanyň aýdanlaryna salgylanyp, Russiýanyň “TASS” agentliginiň habar berşine görä, Russiýa Meredowyň ýakyn wagtda amala aşyrjak iş saparyny iki ýurduň Baştutanlary tarapyndan gol çekilen strategiki hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyga laýyklykda, ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin giňişleýin çäreleriň möhüm bölegi hasaplaýar.
Habarda bellenilişi ýaly, GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi 2-nji aprelde Moskwada geçiriler. GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleri halkara meseleleri boýunça pikir alşarlar hem-de GDA-nyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar.