ABŞ we Merkezi Aziýa ýurtlary sanly söwda meselelerine garadylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
ABŞ we Merkezi Aziýa ýurtlary sanly söwda meselelerine garadylar
Nýu-Ýork we Nýu-Jersi porty

ABŞ, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Türkmenistan hökümetleriniň ýokary wezipeli söwda resmileri sişenbe güni geçirilen Söwda we maýa goýum boýunça ABŞ-nyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky degişli Ylalaşygyň (TIFA) Geňeşiniň onlaýn mejlisinde söwda bilen bagly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

TIFA Geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylar ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky sanly söwda bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdiler we sanly işewürlik hyzmatlarynyň ähli ýurtlaryň innowasion ykdysady ösüşi üçin zerurdygyny belläp geçdiler. Bu barada ABŞ-nyň Söwda wekiliýetiniň (USTR) edarasy tarapyndan çap edilen TIFA Geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylarynyň bilelikdäki beýanatynda aýdylýar.

Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar maglumatlaryň erkin alyş-çalşygy meselesine ähmiýet bermek boýunça ylalaşdylar. Hökümet wekilleri sanly söwda boýunça düzgünler işlenilip düzülende, kiçi we orta kärhanalar we zenanlar ýaly taraplaryň bähbitlerini ileri tutjakdyklaryny bellediler. TIFA mejlisine gatnaşyjylar sanly söwda boýunça goşmaça iş toparyny döretmek kararyna geldiler.

Mundan başga-da, taraplar ABŞ bilen söwda etmekde artykmaçlyk berýän maksatnamanyň (U.S. Generalized System of Preferences) geçen ýylyň ahyrynda möhleti tamamlanmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

ABŞ-nyň söwda resmileri öz kärdeşlerine Baýdeniň administrasiýasynyň söwda syýasatynyň ileri tutýan ugurlary barada hem maglumat berdiler.

Beýanata görä, Owganystanyň we Pakistanyň resmileri TIFA mejlisiniň ýygnagyna synçy hökmünde gatnaşdylar.

Taraplar sebit gatnaşyklaryna esaslanýan ösüş depginini, abadançylygy we durnuklylygy ýokarlandyrmak ugrunda geljekki ädimleriň möhümdigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Pakistan bilen Owganystanyň bu ýygnaga gatnaşmagynyň Merkezi Aziýa bilen Günorta Aziýanyň arasynda arabaglanyşygy we söwdany ösdürmekde oňyn mümkinçilik döredýändigini beýan etdiler. Mundan başga-da, Owganystan bilen Pakistanyň arasynda 2010-njy ýylda gol çekilen Owganystan-Pakistan üstaşyr söwda şertnamasyna (APTTA) täzeden seretmek islegine ýokary baha berildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda we maýa goýum gatnaşyklarynyň berkidilmeginde TIFA-nyň ähmiýetini bellediler we bu geňeşiň nobatdaky mejlisini 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa sebitinde geçirmek boýunça ylalaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022