Eýranyň baş diplomaty Jawad Zarif Türkmenistana sapar eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýranyň baş diplomaty Jawad Zarif Türkmenistana sapar eder
Jawad Zarifyň aprel aýynyň 5-8 aralygynda Özbegistana, Gyrgyzystana, Gazagystana we Türkmenistana sapar amala aşyrar. (Surat: Jawad Zarifiň "Twitter" hasaby)

Eýranyň Daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif öňümizdäki hepdede Merkezi Aziýanyň dört ýurduna şol sanda Türkmenistana resmi saparyny amala aşyrar we ikitaraplaýyn hem-de sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça gepleşikleri geçirer.

Eýranyň DIM-niň metbugat sekretary Saed Hatibzadeh anna güni “Twitter” hasabynda Jawad Zarifyň aprel aýynyň 5-8 aralygynda Özbegistana, Gyrgyzystana, Gazagystana we Türkmenistana saparlaryny amala aşyrjakdygyny mälim etdi.

Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak Eýranyň hemişe ileri tutýan ugurlarynyň biridir diýip, Hatibzadeh belledi.

Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) ýolbaşçysy Hasan Montazer Torbati 2021-nji ýylyň fewral aýynda “ISNA” eýran habarlar agentligine beren beýanatynda Eýranyň Türkmenistan bilen gaz söwdasyna taýýardygyny aýtdy.

Eýranyň Energetika ministri Reza Ardakanian žurnalistlere ýüzlenmesinde elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak boýunça Türkmenistan bilen gepleşiklere gaýtadan başlandygyny mälim edipdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022