Türkmenistan Astrahan oblastyna ynsanperwer kömegini ugratdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Astrahan oblastyna ynsanperwer kömegini ugratdy
Astrahan oblastyna Türkmenistanda öndürilen önümleriň iberilmegi hoşniýetli goňşuçylygyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugynyň esasynda özara hormat goýmak we ýardam bermek ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistan dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde Russiýanyň Astrahan oblastyna ynsanperwer kömegini ugratdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň anna güni habar berşine görä, Russiýanyň iri sebitleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Astrahan oblastyna Türkmenistanda öndürilen önümleriň iberilmegi hoşniýetli goňşuçylygyň subutnamasydyr.

Penşenbe güni Russiýa ynsanperwer kömegi hökmünde Aşgabat şäherine umumy agramy 12 tonna barabar bolan lukmançylyk serişdelerini, ýagny derman önümlerini, gorag eşiklerini, örtükleri we lukmançylyk enjamlaryny ugradypdy.

2021-nji ýylyň başynda Wirusologiýa we biotehnologiýa boýunça “Wektor” Döwlet ylmy-barlag merkezi tarapyndan işlenilip düzülen “EpiWakKorona” atly Russiýanyň koronawirusa garşy ikinji sanjymy Türkmenistanda resmi taýdan bellige alyndy.

Türkmenistan Merkezi Aziýada “Sputnik V” sanjymynyň ulanylyşyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy.

2022