Türkmen telekeçisi içerki bazara 70 tonna golaý gök önüm ýetirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi içerki bazara 70 tonna golaý gök önüm ýetirdi
Kärhananyň ýyladyşhanalary häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Telekeçi Arslan Nurgeldiýew geçen ýyl Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda ýerleşýän “Watan” daýhan hojalygyna degişli ýyladyşhanalarda ösdürip ýetişdiren gök önümleriniň bol hasylyny ýygnap, diýarymyzyň içerki bazarlaryny 70 tonna golaý önüm bilen üpjün etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhana degişli 32 sany ýyladyşhana toplumy hereket edip, olarda ýylda üç gezek kelemiň, hyýaryň we bolgar burçunyň bol hasyly alynýar. Häzirki wagtda ýyladyşhanalarda kelemiň bol hasyly ýygnalýar.

Kärhananyň ýyladyşhanalary häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Ýylylygyň we ýagtylygyň bellenen kadasynyň, howanyň çyglylygynyň saklanylmagy, topragyň gurplandyryjy maddalar bilen baýlaşdyrylmagy awtomatiki usulda ýerine ýetirilýär.

Mundan başga-da, ýyladyşhanalardan uzak bolmadyk ýerde pomidordan we hyýardan konserwa önümlerini öndürýän seh guruldy. Türkiýäniň tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan sehde ýylda 25 müň banka konserwa önümleri öndürilýär.

Telekeçi Arslan Nurgeldýew öz işine 2014-nji ýylda başlady we geljekde ýyladyşhana toplumlarynda hyýaryň, pomidoryň, badamjanyň, limonyň we ýertudananyň önümçiligini artdyrmagy meýilleşdirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022