Türkmenistanda Owganystanyň parahatçylyk prosesi babatynda pikir alşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Owganystanyň parahatçylyk prosesi babatynda pikir alşyldy
Owganystanyň Haj we din işleri boýunça ministri Mohammed Kasim Halimi Türkmenistanyň owgan halkyna berýän doganlyk goldawynyň ähmiýetini belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Haj we din işleri boýunça ministri Mohammed Kasim Haliminiň ýolbaşçylygyndaky owgan wekilleri bilen sişenbe güni Aşgabatda duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda Owganystanda parahatçylyk prosesiniň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, Ministr Mohammed Kasim Halimi ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli köpsanly taslamalarda öz beýanyny tapýan Türkmenistanyň Owganystana we onuň halkyna berýän doganlyk goldawynyň ähmiýetini belläp geçdi.

Türkmen tarapynyň parahatçylyk prosesiniň ilerledilmegine syýasy-diplomatik usullar arkaly goşant goşmaga taýýardygy ýene bir gezek tassyklanyldy.

Şeýle hem, Ministr Halimi türkmen tarapynyň tagallasy bilen Owganystanyň çäginde gurulýan jemgyýetçilik desgalaryň, hususan-da, iki döwletiň dostluk nyşanyna öwrülen Farýab welaýatynda gurlan metjidiň ähmiýetini belledi.

Mundan başga-da, taraplar bilim, ylym we medeniýet ugurlarynda-da iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022