Türkmenistanda 14 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz çykaryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 14 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz çykaryldy
Ýanwar-fewral aýlarynda türkmen “mawy ýangyjynyň” eksporty 9% ýokarlanyp, 6 milliard 700 million kubmetrden geçdi.

Türkmenistanda 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda tebigy we ugurdaş gazyň 14 milliard 500 million kubmetrden gowragy çykaryldy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde ösüş depgini 107,4%-e deň boldy. Bu barada Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) geçen çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, “mawy ýangyjyň” eksporty 9% ýokarlanyp, 6 milliard 700 million kubmetrden geçdi. Çig malyň agramly bölegi Hytaý Halk Respublikasyna iberildi.

Şeýle-de ýurdumyz boýunça ýanwar-fewral aýlarynda nebitiň çykarylan mukdary 1 million 460 müň tonna golaý boldy.

TNGIZT-de geçen iki aýda dürli kysymly benziniň 310 müň tonna golaýy, dizel ýangyjynyň 279 müň tonnadan gowragy, polipropileniň 13 müň tonnadan gowragy, çalgy ýaglaryň 10 müň 600 tonnasy öndürildi.

Mundan başga-da, suwuklandyrylan gazyň öndürilen mukdary Türkmenistan boýunça 28 müň tonnadan gowrak boldy.

Häzirki wagtda “Türkmennebit” döwlet konserni Demirgazyk Goturdepe ýatagynda ulanyş guýularynyň 11-siniň we gözleg guýularynyň ikisiniň gurluşygyny alyp barýar. Şeýle hem “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy bu ýerde aşaky miosen çökündilerini barlamak üçin niýetlenen guýularyň ikisini burawlamagy dowam edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022