Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň ähmiýeti nygtaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň ähmiýeti nygtaldy
Taraplar ikitaraplaýyn söwdanyň göwrümini artdyrmakda hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. (Surat: Gazagystanyň DIM-i)

Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi we Eýranyň Daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif Nur-Sultan şäherinde geçirilen ýygnagyň barşynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň mümkinçiliginden doly peýdalanmagyň ähmiýetini bellediler. Bu barada Gazagystanyň baş diplomatynyň çarşenbe güni geçirilen gepleşiklerden soň metbugat ýygnagynda aýdanlaryna salgylanyp, “Kazinform” agentligi habar berdi.

Gazagystanyň Daşary işler ministiriniň aýtmagyna görä, iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary iki döwletiň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşyp, ulag, üstaşyr, oba hojalygy we beýleki ugurlarda özara gatnaşyklary mundan beýläk güýçlendirmegiň zerurdygyny bellediler.

“Şeýle hem, Pars aýlagyna we Ýewropanyň, Russiýanyň hem-de Hytaýyň bazarlaryna çalt baryp ýetmäge mümkinçilik berýän Uzen (Gazagystan) - Bereket (Türkmenistan) - Inçeburun (Eýran) demir ýolunyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň ähmiýeti bellenildi” diýip, Tleuberdi Gazagystanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen brifingde aýtdy.

Gazagystanyň DIM-niň ýolbaşçysy 2020-nji ýylda Gazagystan-Eýran söwda dolanyşygynyň 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 37,2% azalandygyny we 237 million ABŞ dollaryna barabar bolandygyny mälim etdi.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar ikitaraplaýyn söwdanyň göwrümini artdyrmakda hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Eýranyň Daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif duşenbe güni Merkezi Aziýanyň dört ýurduna – Özbegistana, Gyrgyzystana, Gazagystana we Türkmenistana resmi saparyna başlady.

2022