“Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky ministrler derejesindäki ikinji mejlis geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky ministrler derejesindäki ikinji mejlis geçiriler
Maslahata türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew gatnaşdy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly sişenbe güni onlaýn maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda “Merkezi Aziýa we Hytaý” formatynda ministrler derejesindäki şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän ikinji mejlisiň taýýarlyk işleri maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, maslahata türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew gatnaşdy.

Gepleşigiň dowamynda taraplar öňde boljak “Merkezi Aziýa we Hytaý” formatyndaky Daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň mazmunyny ara alyp maslahatlaşdylar, geçiriljek mejlisiň deslapky gün tertibi boýunça öz tekliplerini beýan etdiler we bilelikdäki jemleýji resminamalaryň taslamalaryna seretdiler.

Mundan başga-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hereketleriň esasy ugurlaryna seredildi.

“Merkezi Aziýa we Hytaý” formatyndaky ministrler derejesindäki ilkinji mejlis wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly 2020-nji ýylyň 16-njy iýulynda geçirildi.

2022