Aşgabatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlanyp maslahat geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlanyp maslahat geçirildi
Dabara ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda penşenbe güni täze açylan Maslahatlar merkezinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, mejlise Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, milli parlamentiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Dabara ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Milli Liderimiz syýasy-hukuk guraly hökmünde bitaraplyk syýasatynyň häzirki wagtda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, ählumumy wehimlere — halkara terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna netijeli garşy durmakda tagallalary birleşdirmek üçin uly ähmiýete eýedigine ynam bildirdi.

Biziň ýurdumyz soňky ýyllarda BMG-niň meýdançalarynda durnukly energetika, ulag, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ulgamlarynda halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak hem-de birnäçe beýleki ugurlar boýunça Baş Assambleýanyň Kararnamalarynyň taslamalary bilen çykyş edip, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda yzygiderli ýagdaýda anyk çäreleri teklip edýär diýip, Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Koronawirus pandemiýasyna garşy göreş hem-de onuň netijelerini aradan aýyrmak boýunça halkara tagallalary raýdaşlyk, ynsanperwer ýörelgelerde birleşmek şu ýylyň örän möhüm wezipesi bolup durýar diýip, Hormatly Prezidentimiz belledi.

Habarda bellenilişi ýaly, mejlisiň dowamynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary hanym Olga Algaýerowanyň, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebit üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsia Alisjahbananyň wideoaragatnaşyk arkaly çykyşlary diňlenildi.

Soňra halkara resminamalaryna gol çekmek dabarasy boldy.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Energetika Agentliginiň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň edarasynyň arasynda dil we medeniýet köpdürlüligi boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama; iýmit çygrynda mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleýin platformany ýerleşdirmek we işletmek arkaly Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitlerinde eneleriň we çagalaryň iýmitlenmegini gowulandyrmaga ýardam etmek barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama bar.

2022