Daşoguzda bahasy 1,3 million manatdan gowrak haly önümleri dokaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzda bahasy 1,3 million manatdan gowrak haly önümleri dokaldy
Dokalýan halylaryň dykyzlygy her inedördül metr üçin ortaça 290 müň düwünden ybaratdyr.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Daşoguz welaýatynyň çeper halyçylyk kärhanasynyň, şeýle hem kärhananyň Daşoguz welaýatyndaky birnäçe etrap şahamçalary şu ýylyň birinji çärýeginde umumy bahasy 1 million 346 müň manada barabar bolan haly we haly önümlerini dokadylar. Önümçiligiň ösüş depgini 131%-e deň boldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň çarşenbe güni habar berşine görä, Daşoguz welaýatynyň çeper halyçylyk kärhanasynda elde dokalýan dürli ululykdaky nusgawy bezeg halylary yzygiderli öndürilýär. Olaryň dykyzlygy her inedördül metr üçin ortaça 290 müň düwünden ybaratdyr.

Şu ýylyň dowamynda Gubadag etrabynyň dolandyryş merkezinde haly we haly önümleriniň önümçiligi üçin täze kärhananyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Döwrebap haly dokaýan tehnikalar bilen doly enjamlaşdyryljak täze kärhananyň açylmagy bilen 160 sany iş orny dörediler.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi Türkmenistandan arassa ýüňden dokalýan türkmen el halylaryny dünýä bazaryna iberýän esasy tarap bolup durýar. Häzirki wagtda birleşigiň düzümine çeper halyçylyk kärhanalarynyň sekiz sanysy degişli bolup, bular Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän 100-den gowrak halyçylyk bölümlerini we sehleri özünde jemleýär. Bu çeper halyçylyk kärhanalarynda 5 müňden gowrak halyçy zenanlar zähmet çekýär.

2022