Türkmenistanda gök we bakja önümleriniň önümçiligi ýokarlanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda gök we bakja önümleriniň önümçiligi ýokarlanýar
2021-nji ýylda ýurdumyzda gök önümleriň öndürilişi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 24,8% ýokarlandy.

Türkmenistanda 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende oba hojalygy önümleriniň önümçiligi ep-esli ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatyna salgylanyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýyl ýurdumyzda gök önümleriň öndürilişi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 24,8% ýokarlandy.

Şeýle-de 2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda türkmen daýhanlary miweleri we ir-iýmişleri 3,2% köp öndürdiler.

Mundan başga-da, 2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda esasy ykdysady işjeňligi boýunça hasaba alnan täze ykdysady subýektleriň sanynyň köpelmegi 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 44,3% deň boldy. Täze kärhanalaryň köpüsi oba hojalyk pudagyna degişlidir we häzirki wagtda olaryň sany 88% ýokarlanyp, önümçilik kärhanalaryň sany 53%-den gowrak artdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly 2021-nji ýylyň aprel aýynyň başynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda wise-premýer Çary Gylyjowa hem-de söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, durmuşda has gerekli önümleriň, şol sanda azyk önümleriniň ýeterlik gorlaryny döretmek üçin goşmaça goldaw çärelerini görmek wajypdyr diýip, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

2022