Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň işewür toparlary hyzmatdaşlygyň ugurlaryny maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň işewür toparlary hyzmatdaşlygyň ugurlaryny maslahatlaşdylar
Forumyň dowamynda taraplar işewürlik ýygnaklarynyň yzygiderli geçirilmegi maksadalaýykdygyny bellediler. (Surat: “Trend”)

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň işewür toparlarynyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly penşenbe güni işewürlik forumy geçirildi. Forumyň dowamynda özara gyzyklanmalary gözlemek we kesgitlemek, şeýle hem gurluşyk, ulag we logistika kompaniýalarynyň özara gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ugurlaryna seredildi. Bu barada Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasyna salgylanyp, Azerbaýjanyň “Trend” agentligi habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, “B2B” formatda geçen foruma Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB), “Türkmen Logistika” assosiasiýasynyň we “Caspian Energy Club” guramasynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň dürli öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary derejeli menejerleri, ýolbaşçylary hem-de beýleki wekilleri gatnaşdylar.

Işewürlik forumyň dowamynda taraplar şeýle ýygnaklaryň yzygiderli geçirilmegi, şeýle hem maýa goýum, ykdysady we eksport mümkinçilikleri bilen iki ýurduň, ýagny Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň işewür toparlarynyň özara tanyşmagy üçin bilelikdäki sergileri, ýarmarkalary, forumlary guramagyň maksadalaýykdygyny bellediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň mart aýynda Azerbaýjana amala aşyran resmi saparynyň dowamynda TSTB bilen Azerbaýjanyň kiçi we orta işewürligi ösdürmek agentliginiň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekildi.