“Söwda işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, harydyň mahabatlandyrylmagy alyjylara harydyň hili, alamaty we wezipesi hakynda, şol sanda daşarda mahabatlandyrylmagy, sergilerde görkezilmegi, harydyň hereketde hödürlenilmegi, alyjylaryň harydy synap görmegi, arzanladylmagy, ýadygärlik sowgatlaryň paýlanylmagy we beýleki usullar bilen maglumat berilmegi arkaly geçirilýär.
Söwda işiniň subýekti (söwda işini amala aşyrýan fiziki ýa-da ýuridik şahs) haryt bilen bilelikde harytlaryň toplumlaýyn görnüşini we söwda obýektini mahabatlandyrýan tölegsiz mahabatlandyrma goşundylaryny ýaýratmaga haklydyr.
Harydyň häsiýetleri we hiliniň kepillikleri hakynda nädogry maglumatlaryň görkezilmegine, şeýle hem onuň bahasynyň ýalandan aşakladylmagynyň ýoly bilen mahabatlandyrylmagyna ýol berilmeýär.
Alkogolly önümleriň we temmäki önümleriniň islendik mahabatlandyrylmagy gadagan edilýär.
Şeýle-de “Mahabat hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, mahabat beriji mahabatyň mazmuny üçin jogapkärçilik çekýär. Mahabaty ýaýradyjy ýaýradylmagy gadagan edilendigi hakynda özüne mälim bolan ýa-da mälim edilmeli mahabaty ýaýradyp bilmez.
Fiziki we ýuridik şahslaryň pul serişdelerini peýdalanmak hem-de gymmatly kagyzlar bilen baglanyşykly maliýe hyzmatlarynyň mahabaty mahabat berijiniň işiň degişli görnüşini amala aşyrmaga hukugyny tassyklaýan ygtyýarnamany beren edara, onuň belgisi we berlen senesi görkezilen ygtyýarnamasy bolan ýagdaýynda mümkindir.
Çeşme: “Söwda işi hakynda” we “Mahabat hakynda” Türkmenistanyň Kanuny