Russiýanyň himiýa önümçiligi 2021-nji ýylda 6,7% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýanyň himiýa önümçiligi 2021-nji ýylda 6,7% ýokarlandy
Rus zawodlary mart aýynda 2 million 327 müň tonna mineral dökünlerini öndürdi. (Surat: “Tolýatiazot” kompaniýasy)

Russiýanyň himiýa önümçiligi 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,7% ýokarlandy. Diňe mart aýynda Russiýanyň himiýa önümçiligi 5,4% artdy. Bu barada Russiýanyň Federal döwlet statistika gullugynyň (Rosstat) maglumatlaryna salgylanyp, anna güni ICIS himiýa önümlerini seljerýän halkara analitiki kompaniýasy habar berdi.

Rosstatyň maglumatlaryna görä, ýanwar-mart aýlarynda iň ýokary ösüş depgini mineral dökünleri önümçiliginde hasaba alyndy.

Rus zawodlary 2021-nji ýylyň mart aýynda 2 million 327 müň tonna, fewral aýynda bolsa 2 million 98 müň tonna mineral dökünlerini öndürdi. 2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Russiýada takmynan 6 million 743 müň tonna dökün öndürildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 12% ýokarlandy.

Mart aýynda 118 müň tonna suwuk kaustik sodasy öndürildi. Fewral aýynda bolsa onuň öndürilişi 98 müň 400 tonna barabar boldy. 2021-nji ýylyň 1-nji çärýeginde suwuk kaustik sodasynyň önümçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 0,7% peselip, 329 müň 400 tonna deň boldy.

Mart aýynda benzolyň öndürilişi 121 müň tonna çenli ýokarlanyp, fewral aýynda 113 müň tonna deň boldy. 2021-nji ýylyň 1-nji çärýeginde onuň önümçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,2% peselip, 362 müň tonna barabar boldy.

Russiýanyň başlangyç görnüşdäki polimeri bilen birlikde polipropileniň (PP) we polietileniň (PE) önümçiligi 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,5% ýokarlanyp, 2 million 725 müň tonna barabar boldy. Mart aýyndaky başlangyç görnüşdäki polimeriň önümçiligi 958 müň tonna deň bolup, fewral aýynda 861 müň tonna barabar boldy.

Russiýada 2021-nji ýylyň 1-nji çärýeginde 447 müň tonna sintetiki kauçuk öndürildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,2% ýokarlandy.