“Rysgally gap” kompaniýasy polietilen haltalary eksport edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Rysgally gap” kompaniýasy polietilen haltalary eksport edýär
Önümhanada Hytaýdan getirilen döwrebap enjamlar ornaşdyryldy.

Lebap welaýatynyň Farap etrabynda ýerleşýän telekeçi Bahadur Durdyýewe degişli “Rysgally gap” hususy kärhanasy polietilen haltalaryny öndürip, häzirki wagtda Russiýa we Gazagystan ýaly döwletlere eksport edýär.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň sişenbe güni habar berşi ýaly, kärhanada öndürilýän polietilen haltalaryň esasy çig maly polipropilendir. Önümhanada Hytaýdan getirilen döwrebap enjamlar ornaşdyryldy. Kompaniýanyň her aýda 300 müňe çenli halta öndürmäge mümkinçiligi bar.

Habarda bellenilişi ýaly, öndürilýän önümleriň 30%-i içerki bazara ýerlenilip, galan bölegi eksport bazaryna çykarylýar. Öndürilýän polietilen haltalara Owganystan, Ukraina, Belarus ýaly döwletlerden hem sargytlar gelýär.

“Rysgally gap” hususy kärhanasy 2019-njy ýylyň tomsunda esaslandyryldy. Häzirki wagtda kompaniýada 25 sany hünärmen zähmet çekip, geljekde olaryň sanynyň 40-a çenli ýetirilmegi meýilleşdirilýär.