Türkmenistanda şu ýyl gant şugundyrynyň 224 müň tonnasyny öndürmek meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda şu ýyl gant şugundyrynyň 224 müň tonnasyny öndürmek meýilleşdirilýär
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy. (Surat: “fermapedia.ru”)

Türkmenistanda şu ýyl 224 müň tonna gant şugundyryny öndürmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky degişli Karara anna güni Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine Balkan we Mary welaýatlarynyň etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, halkymyzy özümizde öndürilen dürli oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmegiň obasenagat toplumynyň esasy wezipeleriniň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýazky ekin işlerinde, ozaly bilen, bugdaýa ideg etmekde, gowaça ekişini ýokary hilli we öz wagtynda geçirmekde, galla oragyna taýýarlyk görmekde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

2022