“Tatneft” Hazar deňziniň türkmen böleginde gözleg işlerine gatnaşyp biler

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Tatneft” Hazar deňziniň türkmen böleginde gözleg işlerine gatnaşyp biler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň duşuşygy (Surat: Tatarystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Russiýanyň “Tatneft” jemgyýetçilik paýdarlar jemgyýeti Hazar deňziniň türkmen bölegindäki meýdanynda gözleg işlerine gatnaşyp biler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasyndaky duşuşygynyň jemleri boýunça Prezidentiň resmi metbugat gullugyna salgylanyp, “TASS” agentligi anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýakyn wagtda “Tatneft” kompaniýasy we “Türkmennebit” döwlet konserniniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin geljegi uly taslamalar täze nebit guýularyny burawlamakdan we gurmakdan, Türkmenistanda nebit ýataklarynyň sanly geologiki we gidrodinamiki modellerini gurmakdan, nebit ýatak enjamlaryny abatlamak üçin önümçiligi guramakdan, şeýle-de Hazar deňziniň türkmen tarapyndaky ýataklarynda gözleg işlerine gatnaşmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, duşuşyk tamamlanandan soň, Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow wise-premýer Serdar Berdimuhamedowa “Tatar Awtonom Sowet Sosialistik Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy” atly medaly gowşurdy. Bu medal Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň döwlet sylagydyr.

Türkmenistan bilen “Tatneft” 2008-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýär. 2021-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda “Tatneft”-iň Türkmenistandaky şahamçasynda sorujy-gysyjy turbalaryň abatlaýyş sehi işe girizildi.

Geçen ýylyň dekabr aýynyň başynda “Tatneft” we “Türkmennebit” döwlet konserni Goturdepe nebitgaz ýatagynda 2028-nji ýyla çenli guýularyň nebitiň öndürilişini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada goşmaça şertnama baglaşdylar.

2022