Balkanda 12 müň tonnadan gowrak sogan hasylynyň ýygnalmagy meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Balkanda 12 müň tonnadan gowrak sogan hasylynyň ýygnalmagy meýilleşdirilýär
Ekiş işlerini öz wagtynda tamamlamak ugrunda welaýatyň daýhanlary yhlasly zähmet çekýärler.

Balkan welaýatynyň daýhanlary 600 gektar ýerde ýeralma, 500 gektar ýerde bolsa sogan ekmek işlerini üstünlikli tamamladylar. Daýhanlar ol ýerden jemi 8 müň 400 tonna ýeralma we 12 müň 500 tonna sogan hasylyny almagy meýilleşdirýärler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň sişenbe güni beren habaryna görä, şu ýyl welaýat boýunça jemi 2 müň 370 gektar meýdanda pomidor, käşir, kelem, hyýar, gawun, garpyz ýaly gök we bakja ekinlerini ekmek göz öňünde tutulýar.

Ekiş işlerini öz wagtynda tamamlamak ugrunda Serdar etrabynyň “Goç”, Bereket etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşikleriniň daýhanlary yhlasly zähmet çekýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly 2021-nji ýylyň aprel aýynyň başynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda wise-premýer Çary Gylyjowa hem-de söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna durmuşda has gerekli önümleriň, şol sanda azyk önümleriniň ýeterlik gorlaryny döretmek üçin goşmaça goldaw çärelerini görmek barada degişli tabşyryklary berdi.