Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygy 11-12-nji maý aralygynda geçirilip bilner. Bu barada Özbegistanyň DIM-niň metbugat sekretary, resmi wekili Yusup Kabuljanowyň aýdanlaryna salgylanyp, Azerbaýjanyň “Report” agentligi çarşenbe güni habar berdi.
“11-12-nji maýda “Merkezi Aziýa-Hytaý” görnüşinde geçiriljek daşary işler ministrleriniň duşuşygyna Özbegistanyň DIM-niň wekiliýetiniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär” diýip, Kabuljanow brifingde aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, “Merkezi Aziýa-Hytaý” görnüşinde geçiriljek ikinji daşary işler ministrler derejesindäki ýygnagy Hytaýyň Şansi welaýatynda maý aýynyň ortalarynda geçirilip bilinjekdigi habar berlipdi.
“Merkezi Aziýa-Hytaý” görnüşindäki daşary işler ministrler derejesindäki ilkinji ýygnak 2020-nji ýylyň 16-njy iýulynda COVID-19 pandemiýasy sebäpli wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Onlaýn maslahata Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.