Türkmenistan bilen Pakistan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýokarlandyrmagy ylalaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Pakistan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýokarlandyrmagy ylalaşdylar
Pakistanyň Söwda ministrliginiň wekili Humair Karim Pakistan bilen Türkmenistanyň köpden bäri dowam edip gelýän diplomatik we söwda gatnaşyklarynyň bardygyny belledi.

Türkmenistanyň we Pakistanyň resmileri penşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen maslahatda iki ýurduň arasyndaky söwda aragatnaşygyny giňeltmek üçin dürli pudaklarda ikitaraplaýyn ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek barada ylalaşdylar. Bu barada Pakistanyň “Daily Times” gazeti habar berdi.

Pakistanyň we Türkmenistanyň bilelikdäki iş toparynyň söwda boýunça ikinji maslahaty penşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Pakistan tarapyna Söwda ministrliginiň goşmaça sekretary Humair Karim, türkmen tarapyna bolsa Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar bölüminiň müdiri Merdan Annagulyýew ýolbaşçylyk etdi. Maslahata iki ýurduň ýokary derejeli hökümet işgärleri gatnaşdylar.

Humair Karim sözüniň başynda gepleşikleriň geçirilýändigi üçin minnetdarlygyny bildirip, Pakistan bilen Türkmenistanyň köpden bäri dowam edip gelýän diplomatik we söwda gatnaşyklarynyň bardygyny hem-de Pakistanyň Türkmenistan bilen gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini belledi.

M.Annagulyýew hem öz gezeginde geçirilýän gepleşiklerden we Pakistanyň Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky gyzyklanmasyndan hoşaldygyny aýtdy. Şeýle hem, ol Türkmenistanyň Pakistan bilen ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly isleginiň bardygyny mälim etdi.

Gepleşigiň dowamynda taraplar arassaçylyk we fitoarassaçylyk ülňüleri, bank ulgamy, derman senagaty, maşyn gurluşygy we söwda meselelerini çözmek boýunça özara hyzmatdaşlygyň üstünde işlemek barada ylalaşdylar.

Şeýle hem, bilelikdäki söwda-senagat edarasyny döretmek, söwda nyrh we kadalar barada maglumat alyşmak, maglumat tehnologiýasy pudagynda hünärmenleriň we telekeçileriň wekiliýetleriniň arasynda tejribe alyşmak boýunça ylalaşyldy.

Şu ýylyň ýanwar aýynyň başynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow we Pakistanyň Premýer-ministriniň Söwda we maýa goýumlary boýunça geňeşçisi Abdul Razak Dawud iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli söwdanyň mukdarynyň bar bolan mümkinçiliklerini we söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak üçin çäreleriň görülmelidigi barada ylalaşypdylar.

2022