Sowuk howa sebäpli Ýewropada tebigy gazyň bahasy $311-a çenli ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Sowuk howa sebäpli Ýewropada tebigy gazyň bahasy $311-a çenli ýokarlandy
Tebigy gazyň 1 müň kub metriniň bahasy 311 ABŞ dollaryna çenli ýokarlandy.

Ýewropada tebigy gazyň üpjünçiliginiň ýetmezçiligi, şeýle hem howanyň sowuklygy sebäpli onuň bahasy ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň “Interfaks” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Gollandiýanyň TTF tebigy gaz biržasynda gazyň 1 müň kub metriniň bahasy 311 ABŞ dollaryna çenli ýokarlandy. Bu görkeziji şu ýylyň 13-nji ýanwaryndan bäri iň ýokary derejedir. Şol döwürde Aziýadaky kotirowkalaryň ýokarlanmagy esasynda Ýewropanyň bahalary 335 ABŞ dollaryna çenli hem ýetipdi.

Bellenilişi ýaly, Norwegiýanyň ýataklarynda tomusky meýilleşdirilen abatlaýyş işleri hem gazyň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy.

Norwegiýada günde 21 million kub metr gaz bilen üpjün edýän “Asgard” ýatagy iýun aýynyň ahyryna çenli öňüni alyş tehniki hyzmatlary üçin togtadyldy. Mundan başga-da, günde 20 million kub metr gaz bilen üpjün edýän “Karsto” ýatagynyň işi 10 gün duruzyldy.

Gollandiýanyň TTF biržasy dünýädäki iň möhüm tebigy gaz söwda merkezleriniň biri hasaplanylýar. Dünýädäki söwda kompaniýalarynyň köpüsi suwuklandyrylan gaz ýaly tebigy gaz önümleriniň bahalaryny TTF-e görä kesgitleýärler. TTF-de tebigy gaz megawat sagatda ýewroda söwda edilýär.

2022