Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen bilen ýekşenbe güni duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen wekiliýetiniň Hytaýa iş sapary bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, şu ýylyň 12-nji maýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa — Hytaý” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna hem-de Daşary işler ministrlikleriniň ikitaraplaýyn syýasy geňeşmelerine taýýarlyk görmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda koronawirus ýokanjyna garşy göreşde hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bu ugurda ýakyndan aragatnaşyk saklamagy dowam etdirmek isleýändiklerini mälim etdiler.
Şeýle hem, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy maýda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň ýolbaşçylary bellenildi.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de “Merkezi Aziýa — Hytaý” döwletleriniň daşary işler ministrleriniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin, ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary 2021-nji ýylyň 9-12-nji maý aralygynda Hytaýyň Sian şäherinde iş saparynda bolar.