Türkmen alymlaryna çöl ösümlikleriniň idegi üçin enjam gelip gowuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen alymlaryna çöl ösümlikleriniň idegi üçin enjam gelip gowuşdy
Bu enjam on müňlerçe dürli görnüşli çöl ösümlikleriniň ösüşine we uýgunlaşmagyna gözegçilik hem-de ideg etmäge ýardam eder.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Milli çöl, ösümlik we haýwanat dünýäsi institutynyň Garrygul ylmy-barlag merkeziniň alymlaryna güýçli elektrik generatory we fotoelektrik enjamy gelip  gowuşdy. Bu fotoelektrik enjamy on müňlerçe dürli görnüşli çöl ösümlikleriniň ösüşine we uýgunlaşmagyna gözegçilik hem-de ideg etmäge ýardam eder.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, FAO-nyň we Bütindünýä ekologiýa gaznasynyň (GEF) “Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň oba-hojalyk önümçiliginiň guraklaşan we şorlaşan landşaftlarynda tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak” atly taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde enjamyň gowşurylyş dabarasy boldy.

Bu enjamyň suwarmak üçin çuňluklardan süýji suwy çykarmak, çägeleriň mehaniki we mineral düzümini kesgitlemek üçin birnäçe ylmy we synag barlaglaryny geçirmek ýaly artykmaçlyklary bar. Şeýle hem ol artykmaçlyklaryň içine gum we psammofitleriň (hereket edýän çägelerde ýaşaýşa uýgunlaşan ösümlikler) tohumlarynyň nusgalaryny we böleklerini öwrenmek, ýaşaýyş jaýlary, barlaghanalary, goşmaça ammarlary we Garrygul ylmy-barlag merkeziniň netijeli işlemegi üçin niýetlenen beýleki desgalarda özbaşdak elektrik üpjünçiligini ýola goýmak ýaly aýratynlyklar girýär.

FAO/GEF taslamasynyň Garrygul ylmy-barlag merkezi bilen ýakyn hyzmatdaşlygy  psammofit ösümlikleriniň, ýagny ak we gara sazagyň, çerkeziň, gandymyň we çöl akasiýasynyň ekilişini giňeltmäge mümkinçilik berer. Bu hem öz gezeginde süýşýän we tehnogen çägeleri hereketsiz hala getirmäge, öri meýdanlarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmaga hem-de obalaryň we guýularyň töwereginde gorag tokaý guşaklaryny döretmäge goşant goşar.

Geljekde Garrygul ylmy-barlag merkezinde hereket edýän çägeleri düzetmegiň usullary we zaýalanan çöl öri meýdanlaryny dikeltmek üçin çöl ösümliklerini oturtmak tehnologiýasy boýunça ýerli jemgyýetleri fito-melioratiw işlerinde sapak bermek meýilleşdirilýär. Ol ýerde Türkmenistanyň Daýhanlarynyň meýdan mekdepleriniň biri hem dörediler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022