Türkmenistan bilen Lipetsk oblasty eksport-import amallaryna garadylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Lipetsk oblasty eksport-import amallaryna garadylar
Lipetsk oblasty tarapyndan sebitleýin dolandyryşynyň wekilleri çykyş etdiler. (Surat: Lipetsk obalstynyň Söwda-senagat edarasy)

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Russiýanyň Lipetsk obalstynyň Söwda-senagat edarasynyň anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda eksport-import amallaryny guramak hem-de olaryň päsgelçiliksiz alnyp barylmagynyň şertleri barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) resmi saýtynda şenbe güni habar berlişi ýaly, türkmen tarapyndan onlaýn maslahata kärhanalaryň we guramalaryň, şeýle hem TSTB-nyň wekilleri gatnaşdylar.

Gepleşigiň barşynda TSTB-nyň oba hojalyk müdirliginiň başlygy Şamyrat Herremow türkmen oba hojalyk öndürijileriniň eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem, türkmen tarapy tekstil, himiýa we metallurgiýa senagaty hem-de oba hojalyk önümçiligi ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegi teklip etdi.

Lipetsk oblasty tarapyndan sebitleýin dolandyryşynyň, sebit oba hojalygy müdirliginiň, Nowolipetsk metallurgiýa zawodynyň, “Aviks Group” we “Let’s trade” kompaniýalarynyň hem-de “Красный поселок”(Gyzyl şäherçe) daýhan hojalygynyň wekilleri çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylda döredilip, ýurtda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge ýardam etmäge, häzirki zaman telekeçilik infrastrukturasyny emele getirmäge ugrukdyrylan jemgyýetçilik edarasydyr.