Daşary ýurtly telekeçiler türkmen nah ýüplügine isleg bildirýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşary ýurtly telekeçiler türkmen nah ýüplügine isleg bildirýärler
Türkiýäniň we Azerbaýjanyň telekeçileri nah ýüplügi, tekiz reňklenen hem-de tüýjümek žakkard önümlerini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 1 million 149 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýäniň we Azerbaýjanyň telekeçileri nah ýüplügi, tekiz reňklenen hem-de tüýjümek žakkard önümlerini satyn aldylar.

Türkiýänyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 7 million 725 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy.