Türkmenistan we Eýran Hazar deňzinde ýük gatnawlaryny artdyrmagy maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Eýran Hazar deňzinde ýük gatnawlaryny artdyrmagy maslahatlaşdylar
Amirabad porty, Eýran (Surat: "PMO")

Türkmenistanyň we Eýranyň portlarynyň hem-de edaralarynyň wekilleri wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen gepleşikde Hazar deňzinde ýük gatnawlaryny köpeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasyna salgylanyp, Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, onlaýn gepleşige türkmen tarapyndan “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Anna Durdyýew, eýran tarapyndan bolsa Eýranyň port we deňiz guramasynyň üstaşyr, logistika we şertnamalar boýunça baş direktory Hosrow Saraýi gatnaşdylar.

Şeýle hem, gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Eýranyň Amirabad, Nowşahr we Enzeli portlarynyň arasynda ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň we Eýranyň wekilleri ulag we üstaşyr ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny bellediler.

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Eýrandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Gurbanow bilen Eýranyň “Hazar gözleg we önümçilik” kompaniýasynyň (KEPCO) direktory Ali Osouliniň arasynda Tähranda duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda taraplar iki ýurduň nebit pudagyndaky hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça pikir alyşdylar.

2022