Türkmenistan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Eýran täze transport geçelgesini ýola goýmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Eýran täze transport geçelgesini ýola goýmakçy
Bandar Abbas porty, Eýran (Surat: PMO)

Gyrgyzystanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (GSTB) başlangyjy esasynda sişenbe güni Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Eýranyň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçirildi. Gepleşigiň dowamynda täze demir ýol geçelgesini döretmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, täze taslama Eýranyň Bandar Abbas portunyň üsti bilen Türkmenistana, Gyrgyzystana we Özbegistana konteýner gatnawlaryny ýola goýmagy maksat edinýär.

Bilermenleriň deslapky hasaplamalaryna görä, Bandar Abbas portunyň üsti bilen Hytaýdan, Hindistandan we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryndan konteýner gatnawlarynyň ýola goýulmagy, olaryň daşalmagynyň möhletini 45 günden 21 güne çenli azaldar.

Täze geçelgäniň netijeliligini barlamak üçin GSTB gyrgyz işewürlerini Hytaýdan, Hindistandan we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryndan getirilýän harytlary “Bandar Abbas-Türkmenistan-Özbegistan-Gyrgyzystan” ugry boýunça Gyrgyzystana ugratmagy teklip etdi.

Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demir ýol edaralarynyň wekilleri şu ýylyň maý aýynyň başynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirdiler. Gepleşigiň dowamynda “Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Oman” (Aşgabat şertnamasy) geçelgesinde synag otlusynyň gatnawyny utgaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.