Aziýada COVID-19 pandemiýasynyň täze tolkuny sebäpli nebitiň bahasy peselýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aziýada COVID-19 pandemiýasynyň täze tolkuny sebäpli nebitiň bahasy  peselýär
“Brent” nebitiň şertnamalarynyň bahasy 57 sent ýa-da 0,8% pese gaçyp, 68,14 ABŞ dollaryna deň boldy. (Surat: Reuters)

Aziýanyň dürli künjeklerinde COVID-19 ýokanjy bilen kesellänleriň sanynyň artmagy we ABŞ-nyň inflýasiýa boýunça aladalary sebäpli sişenbe we çarşenbe günleri nebitiň bahasy yzygiderli peseldi. Bu barada “Reuters” agentligi habar berdi.

“Brent” nebitiň şertnamalarynyň bahasy 57 sent ýa-da 0,8% pese gaçyp, 68,14 ABŞ dollaryna deň boldy. Sişenbe güni şertnamalarynyň bahasy gysga wagtlap 70 ABŞ dollaryndan ýokarlanandan soňra, şol günüň dowamynda ýene-de 1,1% pese gaçdy.

WTI nebitiniň şertnamalarynyň bahasy sişenbe güni 1,2% pese düşenden soň bu günki söwdalaryň dowamynda 61 sent ýa-da 0,9% azaldy.

Dünýäde iň uly nebit sarp edijileri bolan ABŞ we Ýewropa ýurtlarynda COVID-19 pandemiýasy zerarly girizilen çäklendirilmeleriň ýatyrylmagy “Brent” nebitiniň şertnamalarynyň bahasynyň 70 ABŞ dollaryna çenli wagtlaýyn ýokarlanmagyna sebäp boldy diýip agentlik belledi. Emma Hindistanda, Taýwanda, Wýetnamda we Taýlandda COVID-19 ýokanjy bilen kesellän adamlaryň sanynyň artmagy sebäpli Aziýada ýangyja bolan islegiň peselmek ähtimallygyny nazara alyp nebitiň bahasy düşdi.

ABŞ-da inflýasiýa bilen bagly näbellilikler maýadarlary nebit ýaly töwekgelçilikli aktiwler bilen söwdalaryny çäklendirmäge iterdi, diýlip habarda bellenilýär.

ABŞ-nyň dollarynyň hümmetiniň peselmegine garamazdan nebitiň bahasy arzanlady. Adatça, ABŞ-nyň dollarynyň hümmetiniň peselmegi daşary ýurt walýutasynda nebitiň bahasynyň arzanlamagyna we onuň amerikan walýutasynda gymmatlamagyna sebäp bolýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022