Türkmenistanda 1-nji iýundan başlap synag hökmünde hepdäniň penşenbe we şenbe günleri Türkmenabat–Gazojak we Gazojak–Türkmenabat, Türkmenabat–Amyderýa we Amyderýa–Türkmenabat, Mary–Serhetabat we Serhetabat–Mary ugurlary boýunça ýolagçy otly gatnawlary ýola goýlar. Bu barada “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň web sahypasynda habar berilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, synag gatnawlary häzirki wagtda dünýäde ýaýran COVID-19 ýokanjynyň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak üçin bildirilýän talaplara laýyklykda amala aşyrylar.
“Demirýollary” AGPJ-i hepdäniň çarşenbe we anna günleri Aşgabat–Mary–Türkmenabat, penşenbe we şenbe günleri Türkmenabat–Mary–Aşgabat, Aşgabat–Daşoguz ugry boýunça ýekşenbe güni, Daşoguz–Aşgabat ugry boýunça duşenbe güni öň ýola goýlan ýolagçy otly gatnawlarynyň amala aşyrylmagyny dowam etdirer.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gitjek raýatlar üçin şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap her gün Aşgabat–Türkmenbaşy–Aşgabat ugry boýunça ýörite ýolagçy otly gatnawlarynyň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär.