“Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutuldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutuldy
Täze toplum 12–35 gatly, 107 müňden gowrak ilata niýetlenen, 17 müň 836 öýli, sekiz görnüşli 180 sany kaşaň ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabat şäheriniň güni we onuň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak boýunça guralan dabara gatnaşdy.

Bu çärä Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň, paýtagtymyzyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, umumy meýdany 744 gektar bolan bu ägirt uly toplum dürli maksatly binalaryň, desgalaryň 240-dan gowragyny öz içine alýar. Bu ýerde “akylly öýleriň” hem-de “akylly duralgalaryň” gurulmagy göz öňünde tutulýar.

Bu düýbi tutulan ýaşaýyş toplumynda etrap häkimliginiň we beýleki edaralaryň binalary, 1200 orunlyk dört sany çagalar bagy, 3000 orunlyk umumybilim berýän dört sany orta mekdebi, 5000 orunlyk stadionly sport toplumy bina ediler.

Şeýle hem bu toplum Türkmen milli konserwatoriýasynyň we ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň täze, döwrebap binalaryny, köpugurly hassahanany, iki sany Saglyk öýüni, söwda-dynç alyş merkezini, dükanlardyr naharhanalary, toý mekanyny, dört sany köp gatly awtoduralgalary, “Türkmenbaşy” we “Halkbank” banklarynyň şahamçalaryny öz içine alar.

Mundan başga-da, bu ýerde 12–35 gatly, 107 müňden gowrak ilata niýetlenen, 17 müň 836 öýli, sekiz görnüşli 180 sany kaşaň ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar.

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Milli Liderimiz Çoganly ýaşaýyş jaý toplumynda 140 sany iki gatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşdy.

2022