Gazagystanyň Prezidenti şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistana sapar eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystanyň Prezidenti şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistana sapar eder
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew (Surat: "KazTAG")

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen sişenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar 2021-nji ýylyň ikinji ýarymynda Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak resmi iş sapary bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdiler.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, ministrler şu ýylyň aprel we maý aýlarynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda bolup geçen telefon arkaly söhbetdeşlikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiň beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri aýratyn ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, ýokary derejeli diplomatlar şu ýylyň güýzünde Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän VI Hazar Sammitine görülýän taýýarlyklaryň barşyna jikme-jik seretdiler.

Ministrler Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda işjeň söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek boýunça degişli işleri dowam etdirmegi ylalaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin bilen 20-nji maýda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Onuň barşynda taraplar söwda gatnaşyklarynyň anyk ugurlaryny we görnüşlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

2022