Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni ýurdumyza resmi iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy döwletara gatnaşyklaryny köptaraplaýyn görnüşde, esasan hem, iri halkara guramalarynyň hem-de abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Taraplar Türkmenistanyň we Özbegistanyň köpasyrlyk dostluk gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda giňeldilmegine özara taýýardyklaryny tassyklap, möhüm ugurlaryň birnäçesi boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleri döretmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy birek-birege hoşniýetli arzuwlary beýan edip, netijeli döwletara gatnaşyklarynyň geljekde hem okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Şeýle hem özbek diplomaty Türkmenistanyň ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen türkmen-özbek gepleşiklerine gatnaşdy. Onuň jemleri boýunça iki möhüm resminama: Ýerden muzdly peýdalanmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga goşmaça Ylalaşyga hem-de Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.