YHG-nyň maslahatynda Sebitleýin töleg ulgamynyň döredilmegine garaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
YHG-nyň maslahatynda Sebitleýin töleg ulgamynyň döredilmegine garaldy
Sebitleýin töleg ulgamynyň we YHG-nyň Kliring birleşiginiň döredilmegi YHG-nyň maslahatynyň wajyp mowzugy boldy.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň maliýe we ykdysadyýet ministrleriniň 5-nji maslahaty çarşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Sebitleýin töleg ulgamynyň we YHG-nyň Kliring birleşiginiň döredilmegi maslahatyň wajyp mowzugy boldy.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň resmi sahypasynda habar berlişi ýaly, onlaýn gepleşige Owganystanyň, Azerbeýjanyň, Eýranyň, Täjigistanyň we Türkiýäniň wekiliýetleri, guramanyň Söwda-senagat edarasynyň we Söwdany ösdürmek boýunça bankynyň hem-de YHG-niň Sekretariatynyň wekilleri türkmen tarapyndan bolsa Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde ykdysadyýetleriň dikelmegini çaltlandyrmak üçin ykdysady hyzmatdaşlygy we söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen hökümeti sebitleýin töleg ulgamynyň we YHG-nyň Kliring birleşiginiň döredilmegine sebitde söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin mümkinçilik hökmünde garaýar diýip, Muhammetgeldi Serdarow belledi.

Şeýle hem, ministr Türkmenistanyň YHG agza ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy we maliýe gatnaşyklary ýeňilleşdirmek üçin sebitleýin maliýe ulgamyny güýçlendirmäge ygrarlydygyny belläp geçdi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlary tarapyndan 1985-nji ýylda döredilen sebitleýin döwletara ykdysady guramadyr. Türkmenistan 1992-nji ýylda YHG-nyň agzasy boldy.