GDA-nyň hökümet ýolbaşçylary söwdanyň sanlylaşdyrylmagyny maslahatlaşarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
GDA-nyň hökümet ýolbaşçylary söwdanyň sanlylaşdyrylmagyny maslahatlaşarlar
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti, Minsk, Belarus Respublikasy (Surat: GDA-nyň iternet portaly)

Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde anna güni GDA ýurtlarynyň hökümet ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçiriler. Duşuşykda esasan pandemiýadan soňky döwürde Arkalaşyga girýän ýurtlaryň ykdysadyýetini dikeltmek we özara söwdany sanly ulgama geçirmek meselelerine garalar. Bu barada Russiýanyň Hökümetiniň resmi saýtynda sişenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, wekiliýetleriň ýolbaşçylary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde çäkli format görnüşinde ykdysady gatnaşyklaryň möhüm meseleleri barada pikir alyşarlar we indiki duşuşygyň senesini we geçiriljek ýerini kesgitlärler.

Duşuşyga gatnaşyjylar giňişleýin düzümde ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreleri, GDA ýurtlarynyň sanitar goragyny berkitmek we Arkalaşygyň döwletleriniň ilatynyň iş üpjünçiligini ösdürmek ugrundaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gadyrgeldi Müşşikowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin gulluk iş saparyna ugradylmagy boýunça degişli resminama gol çekdi.

Duşuşygyň netijesi boýunça birnäçe halkara ylalaşyklara gol çekmek meýilleşdirilýär.

GDA-nyň hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşi ýerine ýetiriji häkimiýetleriň ykdysady, durmuş we başga-da birnäçe ugurlarda hyzmatdaşlygyny utgaşdyrýar. Bu ýyl Arkalaşyk 30 ýyllygyny belleýär.

2022