Türkmenistanda gök önümleriň önümçiligi 26,7% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda gök önümleriň önümçiligi 26,7% ýokarlandy
Ýanwar aýynda gök önümleriň önümçiliginiň ösüşi 31,9% ýokarlandy, fewral aýynda bolsa bu görkeziji 41,7%-e ýetdi.

Türkmenistanda gök önümleriň ösdürilip ýetişdirilmegi 2021-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 26,7% ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) resmi sahypasynda penşenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu görkezijiler döwlet we hususy kärhanalara degişli ýyladyşhanalaryň sanynyň artdyrylmagy bilen gazanyldy. Ýurdumyzyň oba hojalygy önümleriniň önümçiliginiň köp mukdaryny kärendeçiler we telekeçiler üpjün edýärler.

Täze ýyladyşhanalaryň döredilmeginiň ýerli gök önümleriň hasylyna eden täsiri şu ýylyň gyş aýlarynda has aýdyň duýuldy. Ýanwar aýynda gök önümleriň önümçiliginiň ösüşi 31,9% ýokarlandy, fewral aýynda bolsa bu görkeziji 41,7%-e ýetdi.

Munuň bilen birlikde, 2021-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanda miweleriň ösdürilip ýetişdirilmegi 4,6%, ýeralmanyňky bolsa 0,7% ýokarlandy.

Şu ýylyň mart aýynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze ýyladyşhanalar toplumlary ulanylmaga berildi. Türkmen telekeçileri tarapyndan gurulan bu ýyladyşhanalar ýylda 8,750 tonna gök önüm öndürmek üçin niýetlenendir. Olaryň işe girizilmegi bilen 400-e golaý täze iş orunlary döredildi.

2022