Daşary ýurtly telekeçiler türkmen dokma önümlerini satyn aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşary ýurtly telekeçiler türkmen dokma önümlerini satyn aldylar
Daşary ýurt telekeçileri nah ýüplügi, tekiz reňklenen hem-de tüýjümek žakkard önümlerini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 6 million 224 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň telekeçileri nah ýüplügi, tekiz reňklenen hem-de tüýjümek žakkard önümlerini satyn aldylar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Ermenistanyň, Hindistanyň we Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 9 million 565 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin portlandsement satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 50 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.

2022