Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň sammiti adaty görnüşde geçirilip bilner

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň sammiti adaty görnüşde geçirilip bilner
Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Şerzod Asadow (Surat: “Gazeta.uz”)

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň 2021-nji ýylda meýilleşdirilýän III Konsultatiw duşuşygyny adaty görnüşde geçirilip bilner. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Şerzod Asadowyň aýdanlaryna salgylanyp, “Gazeta.uz” internet neşiri duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary COVID-19 pandemiýasynyň dünýäde ýetirýän täsiri sebäpli häzirki wagtda sammitiň indiki geçiriljek ýerini we wagtyny kesgitlemäge mümkinçiligiň ýokdygyny aýtdy.

“Sammite taýýarlyk işleri dowam edýär. Iň esasy zat, bu duşuşygyň onlaýn görnüşinde däl-de, adaty görnüşde geçirilmegini üpjün etmek üçin işleýäris” diýip, Şerzod Asadow brifingde belledi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň III Konsultatiw duşuşygy ilkibaşda 2020-nji ýylyň awgust aýynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirmek meýilleşdirilipdi. Soňra sammitiň 2020-nji ýylyň güýzünde geçiriljekdigi mälim edildi, ýöne COVID-19 pandemiýasy sebäpli sammit ýene-de yza süýşürildi.

2022