Özbegistanyň Owganystan bilen serhetleşýän Surhanderýa welaýatynyň Termez etrabynda 26 gektar meýdanda Halkara söwda merkezi gurlar.
Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň çarşenbe güni habar berşi ýaly, söwda merkeziniň gurluşygynyň bahasy 75 million ABŞ dollaryna barabar bolar. Bu söwda merkezinde önümleri almak, saklamak, gaýtadan işlemek, saýhallamak we gaplamak, şeýle hem önümleri satmak üçin terminallar meýilleşdirilendir. Söwda merkezinde ähli zerur infrastrukturalar dörediler.
Mundan başga-da, toplumda 1 müň 800 söwda nokady, logistika merkezi, 400 orunlyk 2 sany myhmanhana, hassahanalar we awtoulaglara hyzmat ediş nokatlary bolar. Binalaryň birinji gatynda dükanlary, ikinji gatynda ýeňil senagat kärhanalaryny ýerleşdirmek göz öňüne tutulýar.
Halkara söwda merkeziniň ýyllyk söwda dolanyşygynyň 500 million ABŞ dollaryna deň bolmagy çaklanylýar. Şeýle hem 10 million ABŞ dollaryna barabar bolan hyzmatlar ýerine ýetirmek meýilleşdirilýär.
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bu merkezde toplanan tejribeden peýdalanyp, beýleki goňşy ýurtlar bilen serhetleşýän sebitlerde-de şuňa meňzeş söwda merkezlerini gurmagyň zerurdygyny aýtdy.
“Termez” halkara söwda merkeziniň 2022-nji ýylda işe girizilmegi meýilleşdirilýär.