TNGIZT polipropilen örtüginiň ak sadap görnüşiniň önümçiligine başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
TNGIZT polipropilen örtüginiň ak sadap görnüşiniň önümçiligine başlady
TNGIZT-de täze görnüşdäki önümleriň her ýylda 2 müň tonnasyny öndürmek we ony içerki hem-de daşarky bazarlara ugratmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) azyk önümlerini gaplamakda giňden ulanylýan polipropilen örtüginiň ak sadap görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy. Bu barada anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Şahym Abdrahmanow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, 20, 25, 30 mikrometr galyňlykdaky gaplama örtüklere goşmaça täze polipropilen örtüginiň önümçiligine başlandy. TNGIZT-de täze görnüşdäki önümleriň her ýylda 2 müň tonnasyny öndürmek we ony içerki hem-de daşarky bazarlara ugratmak göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer taýýar önümleriň birinji tapgyrynyň Döwlet haryt-çig mal biržasy arkaly satylmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TNGIZT-de öndürilýän polipropilen örtükleriniň täze görnüşleriniň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işjeň peýdalanylýandygyny belledi.

Şeýle hem,  Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli nebithimiýa önümleriniň öndürilýän mukdaryny köpeltmek, görnüşlerini artdyrmak meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň iň iri kärhanasy bolup, öz göwrümi boýunça nebiti gaýtadan işleýän öňdebaryjy konsernlere gabat gelýär. TNGIZT-niň düzümine iki zawod, köpsanly nebit bazalary we ýangyç guýujy beketleri girýär.