Russiýa içerki bazarda bahalaryň ýokarlanmagynyň öňüni almak üçin esasy azyk önümleriniň eksportyna girizilen çäklendirmeleri dowam etdirer diýip, “RIA Nowosti” habarlar gullugy Russiýanyň Ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikowyň "Financial Times" gazetine beren beýanatyna salgylanyp duşenbe güni habar berdi.
Habara görä, ministr eksport çäklendirmelerini “baha sazlaýjy” diýip atlandyrdy we şeýle çäreleriň içerki önüm öndürijiler tarapyndan önümçilige goýberilýän maýa goýum serişdeleriniň artmagyna getirmelidigini aýtdy.
Mundan başga-da, Maksim Reşetnikow ýurduň içindäki bahalaryň ýokarlanmagynyň öňüni almak maksady bilen hökümetiň eksporty goldamak çärelerine garaýandygyny aýtdy.
Ministr, bahalaryň ýokarlanmagy dowam etse Russiýanyň eksport bilen bagly gözegçilik çärelerini giňeldip biljekdigini aýtdy. Ýagny käbir harytlara gönüden-göni çäklendirmeleriň ýa-da “Çeýe paçlaryň” goýulmagy mümkin.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýanyň günebakar ýagyna bir ýyl möhlet bilen eksport paçlaryny girizmek isleýändigi habar berildi. Eksport paçlarynyň möçberi 70% bolup, ol kesgitlenen baha bilen görkeziji bahanyň arasyndaky tapawutdan alnar.
Dünýäde azyk önümleriniň bahalary maý aýynda geçen 10 ýylyň dowamynda iň uly aýlyk ösüş derejesini görkezdi. Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi maý aýynda ortaça 127,1 bala ýetip, aprel aýyndan bäri 4,8% we 2020-nji ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende 39,7% ýokarlandy.