Basyş usuly bilen guýulýan polimerleriň bütindünýä bazary ýylda 6,2% öser

BIZNES TÜRKMENISTAN
Basyş usuly bilen guýulýan polimerleriň bütindünýä bazary ýylda 6,2% öser
Basyş usuly bilen guýulýan polimerleriň önümçiligi plastmassany gaýtadan işlemegiň iň köp ýaýran usullaryndan biri bolup durýar.

Amerikanyň “BCC Research” kompaniýasy tarapyndan geçirilen barlagyň netijesine görä, dünýä bazarynda basyş usuly bilen guýulýan polimerleriniň önümçiligi ýyllyk 6,2% ortaça ösüş depgini bilen 2021-nji ýyldan 2026-njy ýyla çenli 34,8% öser. Munuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylda 125 milliard 950 million ABŞ dollaryna barabar bolan ýyllyk görkezijiniň 2026-njy ýylda 169 milliard 810 million ABŞ dollaryna ýetmegine garaşylýar. Bu barada “Plastinfo.ru” neşirýaty duşenbe güni habar berdi.

Şol bir wagtyň özünde, 2021-nji ýylda 40 milliard 810 million ABŞ dollaryna barabar bolan basyş usuly bilen guýulýan polimerler üçin taýýarlanýan polipropilen önümçiliginiň ýyllyk 7% ortaça ösüş depgini bilen 2026-njy ýyla çenli 40,4%-e ýetip, 57 milliard 380 million ABŞ dollaryna barabar bolmagyna garaşylýar.

Basyş usuly bilen guýulýan polimerleriň önümçiligi plastmassany gaýtadan işlemegiň iň köp ýaýran usullaryndan biri bolup, plastmassa önümlerini öndürmekde ýokary girdejini, ýönekeýligi, amatlylygy we netijeliligi üpjün edýär.

Sanjym galyplary dürli pudaklarda, esasan hem, lukmançylyk pudagynda giňden ulanylýar.