Baku porty täze dökün terminalynyň gurluşygyna başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Baku porty täze dökün terminalynyň gurluşygyna başlady
Täze dökün terminaly 2022-nji ýylyň ahyryna çenli ulanylmaga beriler.

Baku halkara deňiz söwda porty ÝGPJ Azerbaýjanynyň Baku şäherinde ýerleşýän döwrebap portunyň çäginde dökün terminalynyň gurluşygyna başlady. Bu barada Baku porty sişenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berdi.

Beýanatda strategiki terminalyň azerbaýjan hökümeti hem-de port tarapyndan bilelikde maliýeleşdirilýändigi we 2022-nji ýylyň ahyryna çenli ulanylmaga berilmegine garaşylýandygy aýdylýar.

Dökünleri Azerbaýjanyň üsti bilen Merkezi Aziýadan günbatar bazarlaryna daşamak üçin uly mümkinçilikleriniň barlygyny ýüze çykaran tehniki-ykdysady barlagyň netijesinde portuň täze desgasyna maýa goýmak kararyna gelindi. Merkezi Aziýanyň döküne baý üç döwleti – Türkmenistan, Özbegistan we Gazagystan her ýylda 6 million 600 müň tonnadan gowrak karbamid, kükürt we kaliý karbonaty ýaly dürli dökünleri öndürmäge ukyplydyr. Beýanatda bellenilişi ýaly, üç ýurt hem eksport kuwwatyny ýokarlandyrmakda dökün öndürmäge niýetlenen desgalary gurmak üçin köp mukdarda maýa goýum serişdelerini gönükdirdiler.

Mundan başga-da, Hazar deňziniň gündogar kenarynda ýerleşýän Türkmenistanyň Garabogaz şäherindäki karbamid öndürýän zawodyň diňe özüniň ýylda 1 million 200 müň tonna karbamid öndürýändigi, onuň hem 90%-den gowragynyň eksport üçin niýetlenendigi barada Baku portunyň metbugat beýanatynda bellenilýär.

 “Merkezi Aziýanyň Baku portunyň üsti bilen iberilýän dökünleriň, esasan hem, türkmen dökünleriniň mukdary 2018–2020-nji ýyllar aralygynda 13 esse artyp, 48 müň 339 tonnadan 630 müň tonna çenli ýokarlandy. Biz 2021-nji ýylyň ilkinji 5 aýynda 450 müň tonnadan gowrak döküni ibermegiň hötdesinden geldik, bu hem Azerbaýjanyň üstaşyr geçirme ukybynyň ygtybarlygyny görkezýär” diýip, Baku portunyň ýolbaşçysy Taleh Ziýadow aýtdy.

Täze terminal Merkezi Aziýanyň dökün üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny üpjün eder we porta Türkmenistandan, Gazagystandan we Özbegistandan getirilýän dökünleriň göwrümini artdyrmaga mümkinçilik berer diýip, Ziýadow nygtady.

Beýanata görä, täze dökün terminalynyň ýylda 2 million 500 müň tonna döküni üstaşyr geçirmäge ukyply. Bu desga umumy göwrümi 60 müň tonna barabar bolan 2 sany ammary we dürli dökünleri gönüden-göni ammarlara ýa-da täze döredilen wagon ýükleýiş stansiýasyndaky wagonlara düşürmek üçin niýetlenen häzirki zaman konweýer ulgamlaryny öz içine alar.

Portuň dolandyryjylary terminaly uzak möhletleýin kärendesine bermegi meýilleşdirýärler we häzirki wagtda gyzyklanma bildirýän taraplar bilen gepleşikleri geçirýärler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022