Türkmenistanda portlandsementiň täze görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda portlandsementiň täze görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy
“Ufra” ýatagynyň we Akbulak meýdançasynyň dag jynslary täze sement görnüşiniň önümçiligi üçin çig mal bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky sement zawodlarynda aktiw mineral goşundylary – bazalt porfiritleri we opoka çig malyny goşmak arkaly täze portlandsementiň önümçiligi ýola goýuldy. Bu barada anna güni Ministrler Kabinetiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer Şamuhammet Durdylyýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, mejlisiň dowamynda wise-premýer sementiň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak hem-de olaryň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça geçirilýän işler barada maglumat berdi.

“Balkan” kän müdirliginiň bazalt porfiritleriniň “Ufra” ýatagynyň we Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky Akbulak meýdançasynyň dag jynslary täze sement görnüşiniň önümçiligi üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Bu mineral daşlary özüniň fiziki we himiki häsiýetleri bilen tapawutlanyp, ýokary hilli sement öndürmäge mümkinçilik berýär diýip, wise-premýer belledi.

Milli Liderimiz pudagyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmagyň hem-de ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň öndürilişini köpeltmegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

2020-nji ýylyň 1-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Şamuhammet Durdylyýew häzirki wagtda 400-G20-K görnüşli portlandsement ýurdumyzyň sement zawodlarynda öndürilýändigi hem-de 500-G20-K görnüşli sementiň önümçiligini ýola goýmak boýunça işleriň alnyp barylýandygy barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat beripdi.