“Hasylly” ýyladyşhanasynda 280 tonnadan gowrak pomidor hasyly ýygnaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Hasylly” ýyladyşhanasynda 280 tonnadan gowrak pomidor hasyly ýygnaldy
Ýyladyşhanada ýetişen hasylyň 80%-i eksporta iberilýär.

Telekeçi Döwlet Hojamyradowyň Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň çäginde ýerleşýän “Hasylly” ýyladyşhanasynda 280 tonnadan gowrak pomidor hasyly ýygnaldy. 2019-njy ýylda açylyp ulanylmaga berilen ýyladyşhanada geçen ýyl 250 tonna pomidor hasyly alnypdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar berşi ýaly, şu aýyň 25-ne çenli tamamlanjak möwsümiň galan böleginde ýene-de 50-60 tonna golaý hasyla garaşylýar.

“Hasylly” ýyladyşhanasynda häzir 1,2 gektar ýerde ekin ekilip, hasyl alynýar. Bu ýyladyşhanada jemi 28 hünärmen zähmet çekýär.

2020-nji ýylyň awgust-sentýabr aýlarynda bu ýere pomidoryň iri hasylly we uzak ýola çydamly “Marwelans” görnüşiniň 32 düýbi ekildi.

Ýyladyşhanada ýetişen hasylyň 80%-i eksporta iberilýär. Russiýa we Gyrgyzystan esasy eksport ediji döwletlerdir. Mundan başga-da Özbegistana we Owganystana hem hasyl ugradylýar.

Lebap welaýatynyň işewürleri 2021-nji ýylyň başyndan bäri 4 müň 700 tonna pomidory daşary ýurtlara eksport etdiler.

2022